Türkmenistan bilen ABŞ-nyň her ýyl geçirýän syýasy geňeşmeleri başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň her ýyl geçirýän syýasy geňeşmeleri başlandy
Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň wekiliýetine bolsa, Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda her ýyl geçirilýän syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry sişenbe güni sanly ulgam arkaly başlandy.

Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň wekiliýetine bolsa, Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi Donald Lu ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de duşuşyga iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Syýasy geňeşmeleriň barşynda ikinji nobatda ikitaraplaýyn özara hereketleriň derwaýys ugurlaryna seredildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň häzirki zaman halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň ençemesi babatynda umumy ýörelgelere we çemeleşmelere eýerýändiklerini nygtadylar. Ilkinji nobatda bu dünýäde we sebitde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy bolup durýandygy bellenildi. Ýurtlaryň ikisi hem iri halkara gurmalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlyk saklaýarlar.

Taraplar şonuň ýaly-da durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegi, global wehimlere – terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreşmek ýaly derwaýys meseleler babatyndaky çemeleşmeleriniň umumylygyny tassykladylar.

Geňeşmeleriň çäklerinde adam ölçegleriniň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, adam hukuklarynyň goragy we kepillendirilmegi ulgamynda Türkmenistan tarapyndan alnyp barylýan işlere syn berildi. Şu nukdaýnazardan, bu ugurda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň dowam edilmegi babatynda taýýarlyk bildirildi.

Iki ýurduň arasyndaky syýasy geňeşmeler çarşenbe güni hem dowam eder.

2022