Ahaldaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda işlär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahaldaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda işlär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy geçen ýylyň 29-njy martynda döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Milli Geňeşiň agzalary bilen geçiren duşuşygynyň barşynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezini Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenilen tertipde muzdsuz bermek barada Karara gol çekdi.

Merkeze Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan goldaw berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Täze merkez 150 orunlyk çagalar bagyny, 100 orunlyk ýatylýan binany we sagaldyş merkezini öz içine alar. Tutuş toplumda terbiýelenjek howandarlyga mätäç çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatly şertler dörediler.

Ýeňil bolmadyk soraglary, şol sanda ogullyga ýa-da gyzlyga almak bilen bagly soraglary çözmek üçin gaznanyň ýanynda Ýaşulular Geňeşi işleýär diýip, Milli Liderimiz nygtady. Geňeşiň esasy wezipesi Düzgünnamada beýan edilen wezipeleri durmuşa geçirmekde gazna hemmetaraplaýyn ýardam bermekden, howandarlyga mätäç çagalara kömek etmekden ybaratdyr.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy geçen ýylyň 29-njy martynda döredildi. Rejep Bazarow ady agzalan gaznanyň ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.

2022