Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek çarşenbe güni başlandy. Öňünden ses bermek her gün sagat 08:00-dan 18:00-a çenli aralykda geçirilýär. Bu barada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar mälim etdi.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçylaryň saýlaw uçastogynda öňünden ses bermäge hukuklary bardyr. Öňünden ses bermek saýlawlaryň geçiriljek gününe çenli on gün galandan başlap, saýlaw uçastoklarynda geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň jemi 2 müň 618-si döredildi: şol sanda Ahal welaýatynda 364, Balkan welaýatynda 272, Daşoguz welaýatynda 523, Lebap welaýatynda 559, Mary welaýatynda 549, Aşgabat şäherinde 310 saýlaw uçastoklary döredildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw uçastoklarynyň 41-si döredildi.
Bu işler, ilkinji nobatda, uzak möhletli iş saparyna ýa-da dynç alşa gidýän raýatlar, şeýle hem saýlaw güni — 12-nji martda haýsydyr bir sebäplere görä, öz saýlaw uçastogyna gelip, ses berip bilmejekler üçin göz öňünde tutulandyr.
Merkezi Saýlaw toparyň bellemegine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary saýlaw möwsümine syn etmeklerini dowam edýär. Halkara synçylar eýýäm Aşgabat şäheriniň dürli saýlaw uçastoklarynda bolup, olaryň enjamlaşdyrylyşy, uçastok toparlarynyň düzümi bilen, şeýle-de öňünden ses bermegiň gidişi bilen tanyşdylar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy. Ýurduň ähli welaýatlarynda Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.