Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Onuň barşynda Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigine ünsi çekip, BMG-niň ugurdaş bilermenlerini saýlaw bilen bagly işlere dogry baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny geçirmekde ýardam etmäge çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda şol saýlawlaryň halkara kadalar esasynda örän erkin, aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdan daşary saýlawlara daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryň birnäçesinden, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den hem-de Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň çagyrylandygyny aýtdy.
“Türkmenistanyň doly ygtyýarly agzasy bolup durýan düzümlerinden köp sanly synçylaryň çagyrylmagyna uly hormat bilen garaýaryn” diýip, Natalýa German öz gezeginde aýtdy.
Şeýle hem, sebit merkeziniň ýolbaşçysy şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň barşynda ýakyn 30 ýyl üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmeginiň wajypdygyny nygtady.
Natalýa German geçen 15 ýylyň dowamynda sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldaw berendigi üçin türkmen Liderine, şeýle hem Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl doldy.