Gazagystan Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna synçylaryny ugradýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan Türkmenistanyň Prezident saýlawlaryna synçylaryny ugradýar
Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara gözegçilik etmek üçin GDA-nyň we ŞHG-nyň synçylar toparynyň düzüminde Gazagystanyň 4 wekili gatnaşar.

Gazagystanyň Merkezi Saýlaw topary Türkmenistanyň adatdan daşary Prezident saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin penşenbe güni synçylaryň sanawyny tassyklady. Bu barada Gazagystanyň Merkezi Saýlaw toparynyň metbugat gullugy mälim etdi.

Türkmenistanda geçiriljek saýlawlara gözegçilik etmek üçin GDA-nyň we ŞHG-nyň synçylar toparynyň düzüminde Gazagystanyň 4 wekili gatnaşar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlaryna milli synçylaryň jemi 2 müň 726 sanysyny bellige aldy. Öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde milli synçylar saýlaw möwsüminiň kanunalaýyklykda  geçirilişine syn edýärler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022