Türkmenistanyň Baştutany Ermenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Baştutany Ermenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Waagn Haçaturýan (Surat: “Verelq.com”)

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Waagn Haçaturýana Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Waagn Haçaturýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Waagn Haçaturýan Ermenistanyň Parlamenti tarapyndan penşenbe güni geçirilen ses berlişigiň ikinji tapgyrynda ýurduň iň ýokary wezipesine saýlandy.

Mundan ozal, Haçaturýan Ýokary tehnologiýaly senagat ministri wezipesinde işledi.

2022