Türkmenistanda Aral deňzi boýunça täze taslama gol çekildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Aral deňzi boýunça täze taslama gol çekildi
Täze taslama Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Türkmenistanyň hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) penşenbe güni “Peýda almak üçin Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatly ekosistemalary gorap saklamak we yzygiderli dolandyrmak” atly täze taslama gol çekdi. Bu barada BMGÖM-iň anna güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berildi.

Bu resminama Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna goşulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gol çekildi. Täze taslama Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilip, BMGÖM hem-de Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan durmuşa geçiriler.

Umumy bahasy 4 million 600 müň ABŞ dollaryna barabar bolan bilelikdäki taslama Aral deňziniň  türkmen böleginde esasy ekosistemalary, gury ýer we suw baýlyklaryny gorap saklamagy hem-de netijeli peýdalanmagy maksat edinýär. Taslama BMGÖM taslamalarynyň daşky gurşaw we energiýa pudagyndaky häzirki amala aşyrýan işleriniň üstüni dolar. Şeýle-de taslama milli meýilnamalaşdyryş we howanyň üýtgemegini azaltmak proseslerine degişli uýgunlaşma mehanizmlerini durmuşa geçirmekde ýardam berer.

Şeýle hem, bu taslama 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan kabul edilen Aral deňzi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw berer.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti, Mejlis, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Daşary işler ministrligi, Statistika baradaky döwlet komiteti, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik banky, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan amala aşyrylýar.

Şeýle-de bu taslama Aral deňzini halas etmegiň halkara gaznasynyň çäginde Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldar.

2022