ÝTÖB Derweze gaz krateri boýunça ýakynda kabul edilen çözgüdi goldaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
ÝTÖB Derweze gaz krateri boýunça ýakynda kabul edilen çözgüdi goldaýar
Derweze gaz krateri, Türkmenistan

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasyny, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmegiň Milli strategiýasyny hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunyny kabul etmek arkaly milli hukuk binýadyny kämilleşdirmekde ýeten sepgidini goldaýar diýip, bankyň Prezidenti Odil Reno-Basso Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda aýtdy.

“Şeýle hem, Türkmenistanyň Hökümetiniň Derwezede ýanyp duran gaz krateriniň meselesine ünsi çekmek babatda ýakynda kabul eden çözgüdi bizde uly gyzyklanma döretdi. Size mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistan üçin 2019-2024-nji ýyllar boýunça ýurt strategiýasynda suwuň, topragyň we howanyň hapalanmagynyň, serişdeleriň zaýalanmagynyň hem-de daşky gurşawa, adam saglygyna oňaýsyz täsir edýän zyýanly himiki maddalaryň peýdalanylmagynyň azaldylmagyna gönükdirilen maýa goýumlara ileri tutulýan artykmaçlyk berilýär” diýip, Odil Reno-Basso belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Ugurdaş gazyň ýanyşyny bes etmegiň mümkin bolan tehniki we ykdysady usullaryny öwrenmekde Türkmenistana goldaw bermäge gyzyklanmany beýan etmek isleýändigini aýdyp, bankyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Hökümetine Derweze kraterinden çykýan Co2 zyýanly zyňyndylaryny we metany azaltmagyň ähli netijeli usullaryny kesgitlemäge kömek etmek maksady bilen, tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak üçin hemaýat serişdelerini gönükdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenjekdigini nygtady.

ÝTÖB-iň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda degişli tehniki tabşyrygy taýýarlap, öwrenmek üçin maddany seçip alyp hem-de ýokary derejeli geňeşçiler bilen şertnama baglaşyp, barlaglary geçirmekde ähli bar bolan bilimleriň we tejribäniň doly peýdalanylmagyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde iş toparyny döredip biljekdigi bellenildi.

ÝTÖB Türkmenistanda öz işine başlandan bäri dürli pudaklarda 292 million ýewra barabar bolan 80 taslama maýa goýumyny goýdy.

2022