Türkmenistanda halkara taslamanyň ýardamy bilen döwrebap ýyladyşhanalar işe girizildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda halkara taslamanyň ýardamy bilen döwrebap ýyladyşhanalar işe girizildi
Ýyladyşhanalar aşa agyr şertlerde önümçiligiň netijeliligini üpjün etmek üçin häzirki zaman tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw-tejribe hojalygynda, Daşoguz welaýatyň tokaý hojalyk müdirliginde, hem-de Garagum çölündäki Bokurdak obasynyň Ýerbent daýhan birleşiginde häzirki zaman ýyladyşhanalar işe girizildi.

Ýyladyşhanalar BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) hem-de “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak 2” taslamasy (CACILM2) tarapyndan durmuşa geçirilip, onuň gurluşygynda adaty we innowasion materiallar ulanyldy. Bu barada FAO duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berdi.

Ýyladyşhanalar ýylylyk dolandyrylyşyny, kislorodlaşmagy, damjalaýyn suwaryşy we aşa agyr şertlerde önümçiligiň netijeliligini üpjün etmek üçin häzirki zaman tehnikalar bilen enjamlaşdyrylandyr.

Daşoguz welaýatynda gurlan ýyladyşhanalarda miweli we miwesiz agaçlaryň nahallary hem-de beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Soňra ol nahallar ýerli daýhanlara, tokaý kärhanalaryna, bilim guramalaryna we beýlekilere paýlanar.

Garagumda gurlan ýyladyşhanada çöl ösümlikleriniň we gyrymsy agaçlaryň nahallary ösdürilip ýetişdiriler. Olar soňra tokaý döretmek we çöl öri ýerlerini ýaşyl meýdana öwürmek üçin çöl meýdanyna ekiler.

Şeýle-de daýhan meýdan mekdepleriniň çäginde ýerli jemgyýetler, hünärmenler, talyplar we mekdep okuwçylary üçin amaly sapaklary geçirmek, tehnologiýalary görkezmek meýilleşdirilýär.

2018-nji ýylyň maý aýynda başlan we býujeti 75 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan “Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba-hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak 2” taslamasy iň uly durnukly tebigy baýlyklary dolandyrmak başlangyçlarynyň biri bolup, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleri tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022