EIA: 2022-de nebitiň ortaça bahasy $105-den geçer

BIZNES TÜRKMENISTAN
EIA: 2022-de nebitiň ortaça bahasy $105-den geçer
Nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barrelliniň ortaça bahasy fewral aýynda 97 ABŞ dollaryna deň boldy. (Surat: "Bloomberg")

Şu ýyl nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barelliniň ortaça bahasy 105,22 ABŞ dollaryna barabar bolar diýip, ABŞ-nyň Energetika maglumatlary edarasy (EIA) sişenbe güni çaklady. Bu bolsa edaranyň ozalky (bir barrelliniň bahasy 82,87 ABŞ dollary) çaklamasyndan 27% ýokarydyr.

EIA aýlyk çap edýän energiýa hasabatynda 2022-nji ýylda nebitiň WTI görnüşiniň bahasy boýunça çaklamasyny hem 27,5% ýokarlandyryp, onup bir barrelliniň ortaça bahasynyň 101,17 ABŞ dollaryna deň boljakdygyny mälim etdi.

Edaranyň maglumatlaryna görä, nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barrelliniň ortaça bahasy fewral aýynda ozalky aýdan 11 ABŞ dollar möçberinde galyp, 97 ABŞ dollaryna deň boldy. EIA nebitiň bahalarynyň ýokarlanmagyny  Ukrainadaky ýagdaýlar bilen baglaşdyrýar.

Energetika maglumatlary edarasy mart aýynda “Brent” nebitiniň ortaça 117 ABŞ dollaryna barabar bolmagyna garaşýar. Bu görkeziji edaranyň fewral aýyndaky çaklamasyndan 30% ýokarydyr.

“London ICE Futures Exchange” biržasynda çarşenbe güni nebitiň “Brent” görnüşiniň bir barreliniň maý aýy üçin şertnamalary 126 ABŞ dollaryndan ýokarda söwda edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022