Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary tamamlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary tamamlandy
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň öz maksatnamalaryny beýan etmek üçin ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklary çarşenbe güni tamamlandy. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar penşenbe güni mälim etdi.

Merkezi Saýlaw toparynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzda şeýle duşuşyklaryň jemi 55-e golaýy deň şertlerde geçirildi.

Duşuşygyň ilkinjisi Daşoguz welaýatynda, ahyrkysy bolsa paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirildi.

Wagyz işleriniň çäklerinde dalaşgärleriň maksatnamalaýyn çykyşlarynyň jemi 9-sy “Altyn asyr: Türkmenistan”, “Miras”, “Ýaşlyk”, “Türkmenistan” teleýaýlymlarynda görkezilip, şeýle-de dalaşgärleriň terjimehallary, maksatnamalary “Türkmenistan”, “Нейтральный Туркменистан” gazetlerinde çap edilip, deň şertlerde ilatyň dykgatyna ýetirildi.

Wagyz işleri saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär, ýagny 11-nji martda wagyz çärelerini geçirmek gadagan edilýär.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar Prezident saýlawlary möwsümi başlany bäri iň ýokary döwlet wezipesine 9 sany dalaşgäri bellige aldy.

2022