Ukrainada bilim alýan türkmen talyplary ýurduna dolandylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ukrainada bilim alýan türkmen talyplary ýurduna dolandylar
“Türkmenistan” awiakompaniýasy 282 sany türkmen raýatyny Rumyniýanyň Buharest halkara aeroportyndan Türkmenabat halkara aeroportyna alyp gaýtdy.

Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň uly topary penşenbe güni ýörite howa gatnawy bilen Türkmenabat şäherine geldi.

Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş watandaşlarymyz Türkmenabadyň howa menzilinde mähirli garşylandy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Azerbaýjanyň “Report” agentliginiň habar bermegine görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasy 282 sany türkmen raýatyny Rumyniýanyň Buharest halkara aeroportyndan Türkmenabat halkara aeroportyna alyp gaýtdy.

Raýatlaryň alnyp gaýdylmagy mugt amala aşyryldy we zerur hyzmatlar Türkmenistanyň diplomatik gulluklary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy sebäpli togtadylan halkara ýolagçy uçuşlarynyň ornuna ýörite gatnawlar amala aşyrylýar.

2022