Daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda ýaşulylar we ýaş nesiller daşary ýurtlardaky Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalaryndaky saýlaw uçastoklarynda ýurtda möhletinden öň geçirilýän Prezident saýlawlaryna öňünden ses berişlige işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine beren maglumatlaryna görä, talyp ýaşlar üçin bu waka ýurdumyzyň syýasy durmuşyna gatnaşmaga we özlerini jemgyýetçilik taýdan işjeň raýatlar hökmünde görkezmäge mümkinçilik döretdi.
Türkmenistanyň Italiýadaky ilçihanasynyň saýlaw uçastogyna gelen türkmen ýaşlarynyň wekillerinden biri Rimiň “Tor Vergata” uniwersitetinde doktorantura ylymlary boýunça bilim alýan Eziz Naryýewdir. Ol Ýewropa Bileleşigi tarapyndan döredilen “Erasmus Mundus” talyp alyş-çalyş maksatnamasynyň çäginde okaýar.
“Raýat hökmünde saýlawlara gatnaşmagyň ähmiýeti diňe bir saýlaw uçastogyna gelmek däl-de, eýsem syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarynda ýurduň durmuşynda uly özgertmeleri dowam etdirip biljek dalaşgäre sesim bilen goldaw bermekdir” diýip, E.Naryýew aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça öňünden ses bermek 2-nji martda başlandy we 11-nji martda tamamlandy. Ses bermek üçin Türkmenistanyň dünýäniň 30 ýurdunda ýerleşýän ilçihanalarynda we konsullyklarynda 41 sany saýlaw uçastogy döredildi.