Mart II hepde: eksport geleşikleri $44 milliona golaýlady

BIZNES TURKMENISTAN
Mart II hepde: eksport geleşikleri $44 milliona golaýlady
Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen önümleri satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 44 million ABŞ dollaryna golaýlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, polipropileni, mazudy we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Hytaýyň işewürleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen wakuum gazoýlyny, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň we Türkiýäniň işewürlerine nah ýüplük ýerlenildi.

Türkiýäniň telekeçileri bahasy 4 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 117 million manada golaý bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit bitumyny, arassalanmadyk parafini, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 137-si hasaba alyndy.

2022