BMGÖM Türkmenistana derman serişdeleriniň tapgyryny getirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMGÖM Türkmenistana derman serişdeleriniň tapgyryny getirdi
Derman serişdeleri bilen üpjün etmeklik BMGÖM-nyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistana dem alyş kesellerini bejermek üçin derman serişdeleriniň tapgyryny getirdi.

BMGÖM-nyň duşenbe güni habar berşi ýaly, bu tapgyr “Beklometazona Diptopionat”, “Budesonid”, “Ipratropiýa Bromid” we “Salbutamol” ýaly ingalýatorlary öz içine alýar.

Derman serişdeleri bilen üpjün etmeklik BMGÖM-nyň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýurdumyzda ýokanç däl kesellere gözegçilik etmek üçin ýardam etmek boýunça bilelikdäki taslamasynyň çäklerinde amala aşyryldy.

Býujeti 32 million 800 müň ABŞ dollaryna deň bolan bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär we ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki kesellerini we dem alyş kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary getirmegi göz öňünde tutýar.

2022