Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Türkmenistan täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan dalaşgär, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary sişenbe güni habar berdi.

“Merkezi saýlaw toparynyň 2022-nji 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň 72,97 göterimini alan dalaşgär Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanylan Prezidenti diýlip ykrar edildi" diýip, Merkezi saýlaw toparynyň metbugat beýanatynda habar berilýär.

Ýurt boýunça hasaba alnan saýlawçylaryň 3,4 milliona golaýy ses berip, 97,17% gatnaşyk boldy.

Demokratik şertlerde geçirilen saýlawlarda dalaşgärleriň jemi 9-sy bäsleşdi. Olaryň 8-si 1,08%-den 11,09%-e çenli ses aldylar.

Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre 19-njy martda “Oguz han” köşkler toplumynda geçiriler.

2022