BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Söhbetdeşliginiň barşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary milli Liderimizi giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlary bilen gutlady. 

Antoniu Guterriş şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesindäki 15 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny goldandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

BMG-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan ugry dowam etdirjekdigini, BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçen şenbe güni geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

2022