Döwlet we hökümet baştutanlary Serdar Berdimuhamedowy gutladylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Döwlet we hökümet baştutanlary Serdar Berdimuhamedowy gutladylar
Döwlet we hökümet baştutanlary Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutany Serdar Berdimuhamedowy giň bäsdeşlik esasynda geçen ählihalk saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni telefon arkaly ençeme döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Geçirilen söhbetşlikleriň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi hormatly Baştutanymyzy Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutladylar.

Şeýle hem, döwlet we hökümet baştutanlary Türkmenistanyň täze saýlanan Baştutany Serdar Berdimuhamedowy giň bäsdeşlik esasynda geçen ählihalk saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, möhüm we jogapkärçilikli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlag hatlaryny ýolladylar.

Öz gutlag hatlarynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini islendik amatly wagtda degişli ýurtlara resmi sapar bilen gelmäge çagyrdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçen şenbe güni geçirildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow saýlawçylaryň sesleriniň 72,97% alyp, Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022