BMG welosipedi öňe sürmek baradaky Türkmenistanyň hödürlän kararnamasyny kabul etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMG welosipedi öňe sürmek baradaky Türkmenistanyň hödürlän kararnamasyny kabul etdi
Kararnama BMG-niň ähli agza-döwletlerini welosipedi jemgyýetçilik ulaglary hökmünde utgaşdyrmaga çagyrýar. (Surat: DW)

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasynyň 193 sany agzasy sişenbe güni welosipedi howanyň üýtgemegi bilen göreşmekde gural hökmünde goldamak baradaky kararnamany kabul etdi.

Bu kararnama Türkmenistan tarapyndan hödürlendi we BMG-niň agzalarynyň biragyzdan ses bermegi bilen kabul edildi. Resminama BMG-niň ähli agza-döwletlerini ösýän we ösen ýurtlarda welosipedi şäher we oba şertlerinde jemgyýetçilik ulaglary hökmünde utgaşdyrmaga çagyrýar.

Durnukly ösüşi gazanmak we kömürturşy zyňyndylary azaltmak maksady bilen, kararnama agza-döwletleri “ilatyň we kompaniýalaryň arasynda welosipediň ulanylmagynyň giňden ýaýradylmagyna ýardam bermäge we ýol hereketiniň howpsuzlygyny artdyrmaga” çagyrýar.

Şeýle hem, kararnama welosipedleri kireýine bermek hyzmatlaryny öz içine alýan täze ýörelgeleriň öňe sürülmegini goldaýar.

2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş assambleýasy Türkmenistan tarapyndan hödürlenen kararnamany kabul edip, 3-nji iýuny Halkara welosiped güni diýip yglan etdi.

2022