TAP: Azerbaýjanyň 10 mlrd. kub metr tebigy gazy Ýewropa iberildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TAP: Azerbaýjanyň 10 mlrd. kub metr tebigy gazy Ýewropa iberildi
10 mlrd. kub metr tebigy gazyň 8,5 mlrd. kub metri Italiýa iberildi. (Surat: “Trans-Adriatic Pipeline AG”)

Transadriatik turbageçirijisi (TAP) işe girizilenden bäri 14 aýyň dowamynda Ýewropa ýurtlaryna Azerbaýjandan 10 milliard kub metr tebigy gaz geçirildi diýip, “Trans-Adriatic Pipeline AG” kompaniýa penşenbe güni habar berdi.

Kompaniýanyň aýtmagyna görä, 10 mlrd. kub metr tebigy gazyň 8,5 mlrd. kub metri Italiýa iberildi.

Habarda bellenilişi ýaly, turbageçirijiniň geçirijilik ukybyny iki esse artdyrmaga mümkinçilik bar we häzirki görkezijini tapgyrlaýyn köpeldip, 45-65 aýyň dowamyndan ýylda 20 mlrd. kub metre çenli ýetirip bolar.

TAP Günorta gaz geçelgesiniň bir bölegidir. Bu gaz geçelgesi Hazar deňzinden we Ýakyn Günorta sebitinden Ýewropa gazy getirmek ugurlary boýunça Ýewropa komissiýasynyň başlangyjydyr. Günorta gaz geçelgesiniň esasy wezipesi Ýewropanyň energiýa üpjünçilik ulgamynyň diwersifikasiýasy bolup durýar.

Günorta gaz geçelgesiniň maýa goýum bahasy takmynan 40 mlrd. ABŞ dollaryna barabar bolup, bu geçelge Hazar deňzindäki Şah-Deňiz gaz käniniň hem-de 3,5 müň km turbageçiriji ulgamynyň işlenilmegini öz içine alýar. Bu başlangyjyň esasynda üç sany turbageçiriji taslama bar: Azerbaýjandan Gruziýa çenli Günorta Kawkaz turbageçirijisi, Türkiýäniň üsti bilen geçýän Transanatoliýa turbageçirijisi (TANAP) hem-de Gresiýa we Albaniýanyň üsti bilen Italiýa çenli uzalýan TAP geçirijisi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022