Türkmenistan halkara demirýol ýük daşamalary boýunça gepleşiklere gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara demirýol ýük daşamalary boýunça gepleşiklere gatnaşdy
Duşuşykda “Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa” halkara multimodal ugry boýunça meseleler maslahatlaşyldy. (Surat: Özbegistanyň Ulag ministrligi)

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çarşenbe güni Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň demirýol ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iki günlük duşuşygyna badalga berildi.

Duşuşygyň barşynda "Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa" halkara multimodal ugry boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gatnaşyjylar halkara multimodal ugry boýunça ýükleriň päsgelçiliksiz daşalmagyny üpjün etmek, goşmaça ýükleri çekmek üçin amatly şertleri döretmek hem-de uly göwrümli konteýnerler üçin platformalarynyň özbaşdak berilmegi we tariff ölçegleriň kesgitlenilmegi ýaly meseleleri maslahatlaşdylar.

Bu degişli ýurtlaryň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň dördünji duşuşygy boldy. Üçünji duşuşyk geçen ýylyň dekabr aýynda onlaýn görnüşde geçirildi.

2022