“Gazprom” kompaniýasynyň tebigy gaz eksporty 28,5% peseldi

BIZNES TÜRKMENISTAN
 “Gazprom” kompaniýasynyň tebigy gaz eksporty 28,5% peseldi
1-ýanwardan 15-nji mart aralygynda “Gazprom” kompaniýasynyň tebigy gaz önümçiligi 111,5% mlrd. kub metre barabar boldy.

Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy sişenbe güni şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan 15-nji mart aralygynda GDA-nyň çäklerinden daşary tebigy gazyň eksportynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,5% peselip, 30,7 milliard kub metre barabar bolandygyny mälim etdi.

Kompaniýanyň degişli döwri boýunça hasabatyna laýyklykda, şu ýylyň mart aýynyň 1-den 15-i aralygynda GDA-nyň çäklerinden daşary tebigy gazyň eksporty geçen aýyň birinji ýarymy bilen deňeşdirilende 15,6% ýokarlandy.

Bellenilişi ýaly, 1-ýanwardan 15-nji mart aralygynda tebigy gazyň önümçiligi 111,5 milliard kub metre barabar boldy we bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijä golaýdyr.

Mundan başga-da, mart aýynyň 1-den 15-ne çenli aralygynda Türkiýä iberlen gazyň möçberi 21,1%, Italiýa – 51,7%, Polşa – 71,8%, Horwatiýa – 110,9%, Gresiýa – 34,6%, Bolgariýa – 24,4% köpeldi.

Şu ýylyň 13-nji martynyň ýagdaýy boýunça, Ýewropada ýerasty gorlarynyň dolulygy 26,2%-e deň bolup durýar diýip, “Gas Infrastructure Europe” assosiasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “Gazprom” kompaniýasy habar berdi. Bu bolsa geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende 20,4% peseldi.

“Gazprom” kompaniýasy dünýäde gazyň çykarmakda öňdebaryjy kompaniýa bolup, onuň hasabyna dünýä boýunça gazyň gazyp alnyşynyň 12%, Russiýa boýunça bolsa 68% degişlidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022