Bakuwda YHG-niň Arassa energiýa merkezi açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Bakuwda YHG-niň Arassa energiýa merkezi açylar
Arassa energiýa merkeziniň Azerbaýjanda açylmagy baradaky ylalaşyk geçen ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen YHG-niň Daşary işler ministrleriniň 25-nji mejlisinde resmi taýdan kabul edildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) agza-döwletleriniň wekilleri çarşenbe güni YHG-niň Arassa energiýa merkeziniň açylmagy bilen bagly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahata gatnaşdylar. Bu barada Azerbaýjanyň Energetika ministrligi habar berdi.

Bu merkez BMG-niň Senagat ösüş guramasy (ÝUNIDO), YHG-niň Sekretariaty we YHG-niň Halkara sekretariaty tarapyndan bilelikde Bakuwda açylar.

Maslahatyň başynda Azerbaýjanyň Energetika ministriniň orunbasary Samir Weliýew we YHG-niň Baş sekretary Husraw Noziri çykyş etdiler. Gepleşigiň dowamynda Arassa energiýa merkeziniň döredilmegi we onuň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

Maslahata gatnaşyjylar bu ugurda ýerine ýetirilmeli işleri we onuň işlemegi üçin edilmeli tagallalary, şeýle hem YHG-niň agza-döwletlerinde dikeldilýän energiýa çeşmelerini we energiýa netijeliligi ugrundaky Merkeziň goşandyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärä dürli döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň, ýurtlaryň degişli edaralarynyň we ösüş boýunça agentlikleriniň, şeýle hem halkara guramalarynyň we maliýe edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Arassa energiýa merkeziniň Azerbaýjanda açylmagy baradaky ylalaşyk geçen ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen YHG-niň Daşary işler ministrleriniň 25-nji mejlisinde resmi taýdan kabul edildi.

YHG hökümetara gurama bolup, ol 1985-nji ýylda esaslandyryldy. Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Owganystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkmenistan we Türkiýe guramanyň agzalarydyr.

2022