BMGÖM we Türkmenistan sanly özgertmeler ugrunda hyzmatdaşlygy giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
BMGÖM we Türkmenistan sanly özgertmeler ugrunda hyzmatdaşlygy giňeldýär
Ähtnamanyň esasy wezipesi Türkmenistanda döwlet dolanyşygynda sanly özgertmeler ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi anna güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler diýip, BMGÖM-niň resmi beýanatynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, gol çekilen resminamanyň esasy wezipesi Türkmenistanda pudagara elektron arabaglanyşyk ulgamyny girizmek arkaly döwlet dolanyşygynda sanly özgertmeler ugrunda hyzmatdaşlygy giňeltmekden, şol sanda bu ulgamyň taslamasyny işläp taýýarlamakdan, pudagara arabaglanyşyk ulgamyny doly girizmek üçin hukuknamalary kämilleşdirmekden, halkara öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmakdan hem-de döwlet dolanyşygynda sanly özgertmeler ugrunda milli mümkinçilikleri ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Ähtmananyň durmuşa geçirilmeginiň sanly ösüş ugrundaky milli wezipeleri amala aşyrmakda itergi bermegine garaşylýar. Bu wezipeler “Türkmenistanda 2019-2025 ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025 ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda” beýan edilýär.

Şeýle hem, ýakynda badalga berlen 2022-2025-nji ýyllar üçin Sanly strategiýa laýyklykda, Özara düşünişmek hakynda Ähtnama sanly özgertmeleri çaltlaşdyrmak boýunça BMGÖM-niň tagallalaryny goldap, sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, raýatlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berer.

2022