Baýden Nowruz baýramyny belleýän halklary gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baýden Nowruz baýramyny belleýän halklary gutlady
ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden (Surat: "Bloomberg")

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýden Nowruz baýramy belleýän halklara gutlag sözüni ýollady diýip, Azerbaýjanyň ABŞ-daky ilçihanasyna salgylanyp, “Report” habarlar gullugy anna güni habar berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken Nowruz baýramy mynasybetli Waşington şäherinde onlaýn geçirilen çärä gatnaşyp, bu baýramy belleýän halklary Prezident Josef Baýdeniň hem-de amerikan halkynyň adyndan gutlady.

Gutlag sözünde Blinken täze paslyň gelmegi bilen, dünýäniň uly we kiçi meseleleriniň ählisinden üstün çykyljakdygyna umyt baglaýandygyny aýtdy.

Nowruz baýramy mynasybetli onlaýn çäre Waşington şäherinde geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ilçihanalary tarapyndan bilelikde gurnaldy. Çärede moderator hökmünde “Meridian” halkara merkezi we Merkezi Aziýa boýunça Oksus jemgyýeti çykyş etdiler.

Halkara Nowruz baýramy her ýylyň 21-nji martynda bellenilýär we bahar paslynyň gelendigini alamatlandyrýar.

2022