Türkiýede Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän köpri açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkiýede Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän köpri açyldy
“1915 Çanakkale” köprüsiniň uzynlygy 4,6 kilometre deňdir.

Türkiýede anna güni Dardanella bogazynyň üstünden geçýän we Ýewropa bilen Aziýany “1915 Çanakkale” atly täze köpri açyldy. Bu barada “Anadolu” agentligi habar berdi.

Köprüniň açylyşy Birinji jahan urşunda Türkiýäniň Çanakkalede gazanan ýeňşiniň 107 ýyllygyna bagyşlandy.

Açylyş dabarasynyň barşynda Türkiýäniň Prezindenti Rejep Taýyp Ärdogan iki diňiň aralygy dünýädäki iň uzyn gerimi emele getirýändigini hem-de bu köprüniň iň uzyn asma köprüsi bolýandygyny belledi.

Köprüniň merkezi geriminiň uzynlygy 2023 metre barabar bolup, ol 2023-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynyň 100-ýyllygyny alamatlandyrýar. Diňleriň beýikligi 318 metr bolup, köprüniň umumy uzynlygy 4,6 kilometre deňdir.

Dardanella bogazynyň üstünden geçýän täze ikitaraplaýyn köpri ozal paromda bir sagatlyk bolan ýoly indi 6 minuda çenli gysgaltdy. Prezident Ärdogan jemgyýetçilik ulagynda ýolagçy töleginiň 200 türk lirasyna (13,5 ABŞ dollary) barabar boljakdygyny belledi.

Täze köpri Türkiýäniň Ýewropa we Aziýa böleklerini birleşdirýän dördünji köprüdir. Mundan öň gurlan köprüleriň üçüsi Stambul şäherinde ýerleşýär.

“1915 Çanakkale” köprüsiniň bahasy 2,5 mlrd ýewro ($2,8 mlrd dollar) barabardyr. Gurluşygy Türkiýäniň we Günorta Koreýanyň kompaniýalary alyp bardylar.

Köpriniň gurluşygyna 2017-nji ýylyň mart aýynda badalga berildi we oňa 5 müňden gowrak hünärmen gatnaşdy.

2022