Mart III hepde: eksport geleşikleri $219 milliondan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Mart III hepde: eksport geleşikleri $219 milliondan geçdi
Daşary ýurtly telekeçiler Türkmenistanda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjy, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosini, EKO kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 219 million 229 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümlerini, nah ýüplügini satyn aldylar. 

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewürleri umumy bahasy 4 million 263 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million 31 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022