Prezident Baýden Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Nowruz baýramy bilen gutlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Prezident Baýden Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Nowruz baýramy bilen gutlady
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belledi.

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Türkmensitanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Jo Baýden öz hatynda türkmen Liderini, onuň maşgalasyny we türkmen halkyna şatlykly hem-de abadan Nowruz baýramyny arzuw etdi.

“Parahatçylygyň we täzelenişiň şu gününde Birleşen Ştatlarda we Ýer ýüzünde köp adamlar bu ajaýyp baýramy bellemek üçin Size goşulýalar” diýip, amerikan lideri gutlagynda belledi.

“Şu ýyl ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär” diýip, Jo Baýden öz hatynda belledi we onuň Diwanynyň işgärleri Türkmenistan bilen howpsuzlyk babatda, metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda umumy maksatlara ýetmäge, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek, Hazar energetikasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdirilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny nygtady.

Şeýle hem, ABŞ-nyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny belläp, türkmen dilinde “Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!” diýip gutlag hatyny jemledi.

Türkmenistanyň Baştutanyna Hytaýyň lideri Si Szinpin, Azerbaýjanyň Prezindenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emamoli Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem gutlag hatlaryny ýolladylar.

2022