Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
“Türkmenistanyň gadymdan gelýän baýramynyň – Nowruz baýramynyň ýetip gelmegi mynasybetli, Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Size we Siziň üstüňiz bilen Türkmenistanyň Hökümetine hem-de halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin” diýip, hytaý lideri öz gutlagynda belledi.
“Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Şol döwrüň dowamynda hytaý-türkmen gatnaşyklary işjeň ösdürilip, iki ýurduň halklarynyň bähbidine hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda belent sepgitlere ýetildi” diýip, Si Szinpin belledi
Hytaý Halk Respublikasynyň Baştutany Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly üns berýändigini hem-de Türkmenistanyň Prezidenti bilen iki ýurduň halklarynyň bähbidine özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalara taýýardygyny nygtady.
“Size berk jan saglyk hem-de rowaçlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin” diýip, Si Szinpin sözüniň üstüni doldurdy.
Türkmenistanyň Baştutanyna ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Azerbaýjanyň Prezindenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emamoli Rahmon, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem gutlag hatlaryny ýolladylar.