Yslam ýurtlary Owganystan üçin Ynsanperwerlik gaznasyny döretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Yslam ýurtlary Owganystan üçin Ynsanperwerlik gaznasyny döretdiler
YHG-niň baş sekretary we Yslam ösüş bankynyň baştutany Owganystan üçin Ynsanperwerlik gaznasynyň tertipnamasyna gol çekdiler.

Duşenbe güni Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Yslam hyzmatdaşlyk guramasy (YHG) we Yslam ösüş banky garyplyga we açlyga duçar bolýan owgan halky üçin hemaýat kömegini ýygnamak maksady bilen, Owganystan üçin Ynsanperwerlik gaznasynyň tertipnamasyna gol çekdiler.

Resminama YHG-niň baş sekretary Hiseýn Brahim Taha we Yslam ösüş bankynyň baştutany Muhammad Suleýman al-Jassir gol çekdiler. Bu barada Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gol çekmek dabarasyna Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi hem gatnaşdy.

“Bu maksatlaýyn gazna Yslam ösüş bankynyň howandarlygynda döredildi. Onuň döredilmegi 2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda geçirilen YHG-niň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 17-nji nobatdan daşary sessiýasynyň esasy netijeleriniň biri bolup durýar” diýip, habarda bellenilýär.

Yslam ösüş banky Owganystana ynsanperwerlik kömegini gönükdirmek üçin araçy bolar. Bu işler beýleki halkara subýektler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar.

Gol çekmek dabarasynyň dowamynda, Kureşi öz çykyşynda Owganystandaky çylşyrymly ynsanperwerlik ýagdaýy dessine hereket etmegi talap edýändigini nygtap, YHG-niň agza-döwletlerine, yslam maliýe edaralaryna, donorlara we beýleki halkara hyzmatdaşlara ýüzlenip, olara hemaýat kömegini gazna gönükdirmäge çagyrdy.

Resminama sişenbe we çarşenbe güni Yslamabat şäherinde geçiriljek YHG-niň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiiniň 48-nji mejlisiniň öňüsyrasynda gol çekildi.

57 sany agza-döwletini öz içine alýan Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň hem-de Yslam ösüş bankynyň edara-binalary Saud Arabystanda ýerleşýär. Türkmenistan iki gurama hem agza bolup durýar

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022