Türkmenistanyň we Pakistanyň baş diplomatlary hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Pakistanyň baş diplomatlary hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
Iki ýurduň daşary işler ministrleri Pakistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky energetika we kommunikasiýalar ugrundaky taslamalar babatynda pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni Yslamabad şäherinde Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen duşuşyk geçirdi.

Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirilen duşuşygyň dowamynda, taraplar ikitaraplaýyn we sebitleýin gatnaşyklary maslahatlaşdylar. Bu barada Pakistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyna kanagatlanarly baha berdiler we dürli ugurlarda, şol sanda sebitleýin we halkara forumlaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösýändigini bellediler.

Kureşi Pakistanyň “Merkezi Aziýa boýunça wezipeler” atly syýasatyny hem-de durnukly, uzakmöhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge ygrarlydygyny aýratyn belledi. Ol Pakistan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we maýa goýumlar uglamynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygyny nygtady.

Pakistanyň Daşary işler ministri Kureşi has netijeli ykdysady integrasiýany we sebitleýin arabaglanyşygy gazanmak üçin Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň zerurdygyny belledi.

Taraplar Pakistanyň we Türkmenistanyň arasyndaky energetika we kommunikasiýalar ugrundaky taslamalar babatynda pikir alyşdylar. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitiň söwda merkezi hökmünde has-da ösdürilmegine ýardam berjekdigi bellenildi.

Türkmenistanyň we Pakistanyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň mundan beýläk ösdürilmegi üçin nobatlaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegini ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022