Raşid Meredow YHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Raşid Meredow YHG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy
Duşuşyk Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow çärşenbe güni Yslamabad şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşyk Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji sessiýasynyň çäklerinde geçirildi.

Gepleşikleriň başynda, Raşid Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady.

Şeýle hem Baş sekretara, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijeleri barada maglumat berildi. Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýolbaşçysyna geçirilen saýlawlara synçylar toparyny iberendigi üçin minnetdarlyk bildirildi.

Öz gezeginde, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary YHG-niň agza-döwletleriniň ählisiniň musulman ymmatynyň ýüzbe-ýüz bolýan dürli meseleleriniň çözülmegi üçin ähli tagallalaryny birleşdirýändiklerini belläp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň YHG-niň işine gatnaşmagy bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy 1969-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda esaslandyryldy. Häzirki wagtda guramanyň agzalygyna dünýäniň 57 ýurdy girýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022