Hytaý ýaşyl wodorod boýunça 2025-nji ýyla çenli maksatlaryny aýan etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý ýaşyl wodorod boýunça 2025-nji ýyla çenli maksatlaryny aýan etdi
Hytaýda 2025-nji ýyla çenli wodorod ýangyjyny ulanýan ulag serişdeleriniň 50 müňüniň ulanyşa girizilmegi meýilleşdirýär.

Hytaý 2025-nji ýyla çenli 100 müňden 200 müň tonna çenli ýaşyl wodorod öndürmegi we ony giňişleýin ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada Hytaýyň Ösüş we özgerişler boýunça milli komissiýasynyň (NDRC) ýaýradan meýilnamasyna salgylanyp, “Reuters” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Hytaýda 2025-nji ýyla çenli wodorod ýangyjyny ulanýan ulag serişdeleriniň 50 müňüniň ulanyşa girizilmegi hasaplaýar.

Hytaýyň hökümeti wodorodyň ulanylmagy ulag we senagat pudagyndaky uglewodorod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip meýilleşdirýär.

Ýaşyl wodorod energiýanyň dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagy bilen elektroliz arkaly suwuň bölünmegi netijesinde öndürilýär.

Tebigy gaz we kömür arkaly wodorod önümçiligi uglerod zyňyndylarynyň emele gelmegine getirýär. Şol bir wagtyň özünde gün ýa-da ýel energiýasy ýaly dikeldilýän çeşmeleriň ulanylmagynda şeýle zyňyndylar emele gelmeýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hytaýda ýylda 33 million tonna wodorod öndürilýär. Onuň 80%-i kömür we gazyň ulanylmagy bilen öndürilýär.

“China Clean Power Policy & Market Insights” (Energy Iceberg) konsalting kompaniýasynyň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda Hytaýda 27 müň tonna golaý az ýaşyl wodorod öndürilýär.

NDRC-niň ýokary tehnologiýalar bölüminiň başlygynyň orunbasary Wan Sýanyň belleýşi ýaly, Hytaýda öndürilýän wodorodoryň aglaba böleginiň gazyp alynýan ýangyçdan gelýändigine garamazdan, ýaşyl wodorodyň uly geljegi bar, sebäbi Hytaý dikeldilýän energiýa çeşmelerine iň baý ýurtlaryň biridir.

“China Hydrogen Alliance” toparynyň çaklamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Hytaýyň wodoroda bolan islegi ýylda 35 million tonna çenli, 2050-nji ýyla çenli bolsa 60 milliona çenli artar.

Wodorodyň ulanylmagy Hytaýyň ähli prowinsiýalarynyň we sebitleriniň meýilnamalaryna girizildi. Häzirki wagtda ýurtda ýaşyl wodorody ulanmak boýunça 120-den gowrak taslamalaryň üstünde işlenilýär işlenilýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022