Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty habar berdi.
Bellenilişi ýaly, täze tapgyr paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýär.
Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
IIM-niň ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny bu ministrligiň ýanyndaky Gurluşyk birleşigi amala aşyrýar. Iki gatly kottej jaýlarynyň her biri 5 otagdan ybaratdyr. Ýurdumyzda gurulýan täze ýaşaýyş jaýlarynda bolşy ýaly, bularda hem ýokary derejeli amatlyklar esasy şert hökmünde göz öňünde tutuldy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniňdir miweleriň, öndürilýän azyk önümleriniň sergisini synlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sergi bilen tanşyp, harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kömekçi hojalyklaryň işini kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de degişli çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi.