Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 62 million 199 müň dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit koksuny, polipropileni, tehniki kerosini, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Şotlandiýanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri hem-de buýan köki ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 15 million 602 müň manatdan gowrak bolan, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy.