Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň çig mal däl pudaklarynyň diwersifikasiýasy arkaly sebitiň ösüş ugruny üýtgetmek mümkinçiligi bar diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) baş sekretary Bagdad Amreýewiň Daşkent halkara maýa goýum forumynyň barşynda eden çykyşyna salgylanyp, “Trend” agentligi habar berdi.
Forumyň “Merkezi Aziýanyň maýa goýum mümkinçiligi” atly panelsessiýanyň barşyndaky çykyşynda, TDG-niň baş sekretary Merkezi Aziýa sebitleýin maýa goýumlary çekmegiň ýollaryna ünsi çekdi. Ol sebitiň ösdürilmegi üçin esasy gurallar hökmünde infrastrukturanyň ösdürilmeginiň, harytlaryň, hyzmatlaryň, adamlaryň we maýanyň serhetüsti geçirilmeginiň goldanylmagynyň, hukuk binýatynyň sazlaşdyrylmagynyň, özara baglanyşygyň işjeň ösdürilmeginiň hem-de maýa goýumlary çekmegiň strategiýalarynyň sazlaşdyrylmagynyň çykyş edýändigini nygtady.
Amreýewiň aýtmagyna görä, Türki söwda-senagat edarasy, Türki maýa goýum gaznasy, Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde döredilen we hereket edýän ýörite ykdysady zolaklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem gurama tarapyndan ýerine ýetirilýän guramaçylyk çäreler sebite maýa goýumlaryň çekilmegi üçin goşmaça oňyn şertleri döreder.
Şeýle hem, Amreýew ykdysadyýetiň çig mal däl pudaklarynyň diwersifikasiýasynyň hasabyna sebitiň ösüş ugrunyň üýtgedilip bilinjekdigini aýtdy.
“Şunuň üçin infrastruktura taslamalara gönükdirilen maýa goýumlar hem-de geljekde mümkinçiligi uly bolan çig mal däl pudaklaryň ösdürilmegi zerurdyr” diýip, Amreýew sözüniň üstüni doldurdy.
Birinji Daşkent halkara maýa goýum forumy Özbegistanda 24-26-njy marty aralygynda geçirildi.