Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlarynyň tertibi tassyklandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlarynyň tertibi tassyklandy
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli buýrugy mart aýynyň başynda hasaba alyndy.

Türkmenistanda öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegiň Milli tertibi, olaryň möhletleri we hökmany sanjym edilmäge degişli raýatlaryň toparlary tassyklandy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň bu barada çykaran degişli buýrugy hasaba alyndy we Adalat ministrliginiň resmi internet sahypasynda mart aýynyň başynda çap edildi.

Öňüni alyş sanjymlaryny geçirmegiň Milli tertibi:

Bäbekler, dogulandan soň ilkinji 24 sagadyň dowamynda

Wirusly gepatitiň B görnüşine garşy

2-3 günlük bäbekler

Inçekesele garşy
  Poliomiýelit ýokanç keseline garşy
2 aýlyk bäbekler Gökbogma, digteriýa, bürme ýokanç kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine we Hib ýokanjyna garşy
  Poliomiýelit ýokanç keseline garşy
  Pnewmokokk ýokanjyna garşy
  Rotawirus ýokanjyna garşy
3 aýlyk bäbekler 

Gökbogma, digteriýa, bürme ýokanç kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine we Hib ýokanjyna garşy

  Poliomiýelit ýokanç keseline garşy
  Poliomiýelit ýokanç keseline garşy ikinji sanjym
  Rotawirus ýokanjyna garşy
4 aýlyk bäbekler Gökbogma, digteriýa, bürme ýokanç kesellerine, wirusly gepatitiň B görnüşine we Hib ýokanjyna garşy
  Poliomiýelit ýokanç keseline garşy
  Pnewmokokk ýokanjyna garşy
  Rotawirus ýokanjyna garşy
12-15 aýlyk çagalar Gyzamyk, gyzylja, hapgyrtma ýokanç kesellerine garşy
  Pnewmokokk ýokanjyna garşy
18 aýlyk çagalar Gökbogma, difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy
  Poliomiýelit ýokanç keseline garşy
  Wirusly gepatitiň A görnüşine garşy
6 ýaşly çagalar Difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy
  Gyzamyga, gyzylja, hapgyrtma ýokanç kesellerine garşy
9 ýaşly çagalar Adamyň papilloma wirusyň döredýän howply döremelerine garşy
14 ýaşly çagalar

Inçekesele garşy

15 ýaşly çagalar

Difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy

25 ýaşly adamlar Difteriýa, bürme ýokanç kesellerine garşy

 

2022