Duşenbe güni Aşgabat şäherinde “Lapiz-Lazuli” ulag geçelgesi boýunça Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (ÝHHG) tarapyndan gurnalan sebitleýin okuw maslahatyna badalga berildi. Bu barada ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi metbugat beýanatynda habar berdi.
Iki günlük okuw maslahaty gibrid görnüşde geçirilip, ol “Lapiz-Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesini durmuşa geçirmek boýunça strategiýany tanyşdyrmak maksady bilen gurnaldy. ÝHHG-niň Aşgabat şäherindäki merkezi strategiýanyň işläp düzülmegi we onuň durmuşa geçirilmegi üçin iş meýilnamasyny düzdi. Bu bolsa “Lapiz-Lazuli” üstaşyr we ulag boýunça ylalaşyga gol çeken ýurtlaryň bu ulag geçelgesiniň hereket etmegine goldaw bermeginiň çäklerinde taýýarlanyldy.
Bu strategiýanyň esasy wezipesi sebitleýin ykdysady integrasiýany we ulag mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga, ulaglaryň ähli görnüşlerini rejeli ulanmagyň hasabyna geografiki aralygy gysgaltmaga ýardam bermekden ybaratdyr.
Okuw maslahatyna “Lapiz-Lazulli” ylalaşyga gol çeken dört ýurtdan, ýagny Azerbaýjandan, Gruziýadan, Türkiýeden we Türkmenistandan 60-dan gowrak wekil gatnaşdylar. Mundan başga-da, çärä TRASEKA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň baş sekretary, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmakda ýardam bermek maksatnamanyň 3-nji komponentiniň ýolbaşçysy we ÝHHG-niň bilermenleri gatnaşdylar. Olar, söwda we ulag boýunça goldaw bermek ugrunda öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrdylar.
Ylalaşyga gol çeken dört ýurduň wekilleri öz pikirlerini beýan edip, strategiýa we iş meýilnamasy boýunça öz tekliplerini hödürlediler. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bu strategiýanyň we ony durmuşa geçirmegiň iş meýilnamasynyň ýokarda agzalan ýurtlaryň milli ösüş strategiýalary bilen utgaşdyrylmagy maksady bilen olaryň gaýtadan seredilmegine ýardam berer.
Şu maksat bilen, maslahata gatnaşyjylar “Lapiz-Lazulli” geçelgesi boýunça hyzmatdaş ýurtlara olaryň ulag we üstaşyr mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak üçin goldaw bermek ugrunda indiki ädimleri kesgitlediler.
Maslahat Merkeziň “Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmak” atly taslamasynyň çäklerinde Norwegiýanyň Hökümetiniň maliýe goldawy bilen geçirilýär.