Türkmen telekeçisi organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen telekeçisi organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýdy
Organiki dökün suwuk görnüşinde bolup, ekinleri kesellerden goramaga we zyýan berijileriň öňüni almaga kömek edýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän telekeçi Arslan Garajaýew özüne degişli bolan kärhanasynda şu ýylyň başynda organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýdy. Awstriýanyň enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhana doly güýjünde işledilende ýylda 240 tonna önüm öndürmäge ukyplydyr.

Nuriwit Plus tehnologiýalary esasynda öndürilýän organiki dökün suwuk görnüşinde bolup, ony ekerançylykda giňden ulanmak mümkindir. Bu dökün peýdaly mikroorganizmlerden öndürilýär. Önüm birnäçe tapgyrda öndürilip, hünärmen tarapyndan işiň gidişine berk gözegçilik edilýär.

Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi internet sahypasynda habar berlişi ýaly, organiki döküniň düzüminde hiç hili himiki goşundylaryň ýokdugy, onuň esasy artykmaçlygydyr. Bu döküni ösümlikleri, bugdaýy, gowaçany, gök-bakja ekinlerini we miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde ulanyp bolýar.

Organiki dökün topragy gurplandyrmakda, ösümlikleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda örän uly ähmiýete eýedir. Ekinleri kesellerden goramaga we zyýan berijileriň öňüni almaga kömek edýär. Suwuň sarp edilişini azaldýar.

Nuriwit Plus organiki döküni ýurduň toprak-howa şertlerinde oba hojalyk ekinleriniň we miweli baglaryň kesellerine hem-de zyýankeşlerine garşy ulanylyp görüldi.

2022