Aşgabatdaky tiz kömek merkezine täze lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatdaky tiz kömek merkezine täze lukmançylyk enjamlary gowşuryldy
Lukmançylyk enjamlary ýurdumyz boýunça 50-den gowrak saglygy goraýyş edaralarynda ornaşdyryldy.

Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän Gaýrygoýulmasyz tiz kömek merkezinde çarşenbe güni “Türkmenistanda lukmançylyk enjamlary bilen üpjün etmek arkaly saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek” taslamasynyň çäklerinde enjamlaryň ahyrky tapgyryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, dabaraly çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ýamamoto Hiruýuki, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň taslama hyzmatlary boýunça müdirliginiň (ÝUNOPS) taslama menejeri Wasiliý Tolkaçew gatnaşdylar.

Ýaponiýanyň ilçisiniň öz çykyşynda belleýşi ýaly, bu taslamanyň çäklerinde grant serişdeleriniň hasabyna halkara hil standartlaryna doly gabat gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary satyn alyndy. Lukmançylyk enjamlary ýurdumyz boýunça, şol sanda Aşgabat şäherinde, welaýat we etrap merkezlerinde ýerleşýän 50-den gowrak saglygy goraýyş edaralarynda ornaşdyryldy. Şunuň bilen birlikde, lukmançylyk işgärlerine enjamlary netijeli ulanmak boýunça degişli okuwlar geçirildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Çary Agamyradow öz gezeginde Ministrligiň, Türkmenistanyň Hökümetiniň we türkmen halkynyň adyndan Ýaponiýanyň Hökümetine döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň gowşurandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Dabaranyň ahyrynda Ýamomoto Hiruýuki lukmançylyk işgärleri bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda lukmanlar bu enjamlaryň netijeliligi barada aýtdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022