Türkmenistanyň baş diplomaty Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty Owganystan boýunça duşuşyga gatnaşdy
Duşuşykda Owganystan bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Hytaýyň Tunsi şäherinde geçirilen Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahatyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, Raşid Meredow öz çykyşynda nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşmäniň işlenilip düzülmeginiň mümkinçiligi hökmünde kabul edilýändigini belläp geçdi.

Ministr Owganystanyň gönüden-göni goňşulary bolan alty ýurduň arasyndaky özara hereketleriň geljekde Owganystan boýunça köptaraplaýyn tagallalaryň ilerledilmegine güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şu nukdaýnazardan, Owganystan bilen syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn işjeňleşdirilmeginiň zerurdygy nygtaldy. 

Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýalar ýaly ulgamlarda halkara infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň hem-de optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi, Türkmenistandan Owganystana täze demir ýollaryň gurulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Şeýle hem, çäräniň barşynda HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda wekiliýetleriň ýolbaşçylary jemleýji resminamalary kabul etdiler. Hususan hem, Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň üçünji maslahatynyň bilelikdäki Beýannamasy we Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek we amaly hyzmatdaşlyk boýunça Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň Tunsi başlangyçlary kabul edildi.

Geçen ýylyň awgust aýynda bolup geçen syýasy üýtgeşmelerden soň Hytaýda geçirilen maslahat Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň üçünji duşuşygy boldy. Yslamabat şunuň ýaly ilkinji duşuşygy geçen ýylyň sentýabr aýynda öz başlangyjy bilen geçirdi. Geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda bolsa, Tähranda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň ikinji daşary işler ministrleriniň ýygnagy geçirildi.

2022