“Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik topary açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik topary açyldy
Port gözegçilik topary BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Lebap welaýat gümrükhanasy tarapyndan bilelikde açyldy.

Anna güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde ýerleşýän “Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik toparynyň dabaraly açylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň gümrük gullugynyň resmi sahypasynda habar berildi.

Port gözegçilik topary bu ýörite taýýarlanylan we enjamlaşdyrylan bölüm bolup, onuň esasy wezipesi howplulyk derejesi ýokary bolan konteýnerleri kanunalaýyk söwda bökdençlik döretmezden ulgamlaýyn barlagdan geçirmekden ybaratdyr.

Port gözegçilik topary Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki "Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy Maksatnamasynyň" çäklerinde, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Lebap welaýat gümrükhanasy tarapyndan bilelikde açyldy.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň sebitleýin wekili Aşita Mittal, hemaýatçy halkara guramalaryň wekilleri, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary Utkirjon Kodirow, “Alat” gümrük nokadynyň (Özbegistan Respublikasy) Port gözegçilik toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwlet Baýryýew gatnaşdylar.

Döwlet Baýryýewiň gutlag çykyşynda belläp geçişi ýaly, bu çäre Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň arasyndaky köp ýyllyk we iki taraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň netijesidir.

Şeýle Port gözegçilik toparlary ozal Aşgabat şäherindäki Merkezi gümrük terminalynda we Türkmenbaşy şäherindäki deňiz portunda döredildi.

2022