TOPH taslamasynda Owgnystanda ýer bölekleriniň üstünde işlenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
TOPH taslamasynda Owgnystanda ýer bölekleriniň üstünde işlenýär
Owganystanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Abdul Latif Nazari TAPI gaz geçirijisiniň ýurduň ykdysady ösüşine itergi berjekdigini aýtdy.

Türkmen wekiliýeti bilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň tehniki işleri boýunça gepleşikler alnyp barylýar diýip, Owganystanyň Maliýe ministrligi penşenbe güni mälim etdi. Ministrlik bu geçirijiniň geçjek ugry boýunça ýer bölekleri alnandan soňra taslamany amala aşyrmak ugrunda işleriň dowam etdiriljekdigini belledi. Bu barada “TOLOnews” teleýaýlymy habar berýär.

“Biziň tehniki toparymyz Türkmenistanyň tehniki topary bilen işleşýär. Biz ýakyn wagtda ýer böleklerini almak we taslamanyň dowam etdirilmegi ugrunda işleri tamamlamagy maksat edinýäris” diýip, Maliýe ministrliginiň wekili Ahmad Wan Ahmal aýtdy.

Şeýle hem, ol taslama boýunça maliýe meseleleriň çözülendigini habar berdi.

Owganystanyň Ykdysadyýet ministriniň orunbasary Abdul Latif Nazari TOPH gaz geçirijisiň ýurduň ykdysady ösüşine itergi berjekdigini aýtdy.

Abdul Latif “TOPH gaz geçirijisi Owganystanyň we bütin sebitiň söwdasy we tranziti üçin uly ähmiýete eýedir. Ykdysadyýet ministrligi bu taslama maýa goýumlary gönükdirmek ugrunda işleýär” diýdi.

“TOLOnews” teleýaýlymynyň aýtmagyna görä, ykdysatçylar owgan hökümeti TOPH taslamasy boýunça işlere badalga bermäge ymtylmalydyr diýip hasaplaýarlar.

Ykdysatçy Siar Kureşi: “TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagynda bökdençlikler ýa-da onuň durmuşa geçirilmeginiň yza çekilmegi Owganystanyň ykdysady ösüşine täsir eder” diýip belledi.

Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň üçünji duşuşygynyň çäklerinde, Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Amir Han Muttaki Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşyp, TOPH we TOP taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022