TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary täzelendi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary täzelendi
Ozal Sultan Raýew Gyrgyzystanyň Medeniýet we syýahat ministriniň hem-de Türki döwletler guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary wezipelerinde işledi. (Surat: TÜRKSOÝ)

Sultan Raýew Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) baş sekretary wezipesine bellendi. Ol bu wezipä TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň geçen penşenbe güni geçirilen nobatdan daşary mejlisiniň dowamynda saýlanyldy.

Ozal Sultan Raýew Gyrgyzystanyň Medeniýet we syýahat ministriniň hem-de Türki döwletler guramasynyň baş sekretarynyň orunbasary wezipelerinde işledi. Bu barada TÜRKSOÝ guramasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Hemişelik geňeşiň mejlisi TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahat ministri Mehmet Nuri Ersoýyň başlyklyk etmeginde geçirildi.

Bellenilişi ýaly, mejlise sanly aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Işanguly Amanlyýew we Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow girdiler.

TÜRKSOÝ türki halklaryň medeniýetini, dilini, taryhyny, sungatyny, däplerini we dessurlaryny öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesiller üçin gorap saklamak ugrunda hereket edýän abraýly gurama bolup durýar.

2022