Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan sişenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we ikitaraplaýyn meseleleri, hususan-da Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurlygyny maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk taslamalaryny taýýarlamakda bilermen derejesinde ýetilen üstünliklere, ylym ulgamynda, Hazar deňzinde halas ediş-gözleg işlerine we sebitde neşe serişdeleriniň ýaýramagyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlyga hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylandygyna ýokary baha berdi. Bu barada Eýranyň DIM-i habar berdi.
Köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de Hazarýaka ýurtlarynyň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görmek maksady bilen, R.Meredow Hazarýaka ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
Eýranyň Daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan hem Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha berdi.
Hosseýn Amir Abdollahiýan Eýranyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň we hususan-da Hazar sebitinde gatnaşyklaryň mundan beýläk ösdürilmegini hemişe goldaýandygyny belledi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen biri birini gutladylar.