Eýran 7 aýyň içinde $16,5 milliardlyk nebitgaz ylalaşyklaryny baglaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýran 7 aýyň içinde $16,5 milliardlyk nebitgaz ylalaşyklaryny baglaşdy
Jawad Owji Eýranyň gaz kondensatynyň eksportynyň möçberiniň ep-esli artandygyny habar berdi.

Eýran geçen 7 aýyň içinde nebitgaz ulgamynda jemi bahasy $16,5 milliarda barabar bolan 55 sany ylalaşyk baglaşdy. Bu barada Eýranyň Nebit ministri Jawad Owjiniň çykyşyna salgylanyp, IRNA agentligi habar berdi.

Jawad Owji geçen 7 aýyň içinde Nebit ministrligi tarapyndan durmuşa geçirilen çäreler barada gürrüň berip, Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gazynyň eksportyna badalga berilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Bu ylalaşyk ýurduň demirgazyk-gündogar sebitinde gaz ulgamynyň durnukly ýagdaýa getirilmegine hem-de gyş aýlarynda energiýanyň bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berdi diýip, ministr sözüniň üstüni doldurdy.

Şeýle hem, Jawad Owji Eýranyň gaz kondensatynyň eksportynyň möçberiniň ep-esli artandygyny habar berdi.

2022