Hormatly Prezidentimiz Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hormatly Prezidentimiz Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Wladimir Žirinowskä “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy. (Surat: "Parlamentskaýa gazeta")

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Wladimir Wolfowiç Žirinowskiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny ýollady. Bu barada ýurdumyzyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

“Ol tanymal syýasatçy we döwlet işgäridi. Özüniň uzak we görnükli syýasy ýolunda türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, halklarymyzyň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we dostlugynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşdy” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Wladimir Žirinowskä “Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022