Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişe gatnaşdy

BİZNES TÜRKMENISTAN
Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişe gatnaşdy
Welosipedli ýörişe Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň öňünde badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Bütindünýä saglyk gününe gabatlanylyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem, welosipedli ýörişe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Welosipedli ýörişe Çandybil şaýolunyň hem-de Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşen “Welosiped” binasynyň öňünde badalga berildi. Onuň ugry paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana çenli uzaldy.

Welosipedli ýörişiň barşynda hormatly Prezidentimiz ajaýyp beden we sport taýýarlygyny görkezdi. Döwlet Baştutanymyz, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow ozal hem dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp, şeýle çärelere yzygiderli gatnaşmak bilen, özüniň şahsy göreldesinde işjeň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň artykmaçlyklaryny görkezdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022