Putin Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa resmi sapara çagyrdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Putin Türkmenistanyň Prezidentini Russiýa resmi sapara çagyrdy
Moskwa, Russiýa

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin anna güni telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Baştutany Serdar Berdimuhamedowy Russiýa resmi sapar bilen gelmegi çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Bu barada Kremlin.ru internet sahypasynda habar berilýär.

Şeýle hem, taraplar telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlag sözler alyşdylar we söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň depginli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady gatnaşyklary meselesine aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi bu gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Aşgabada meýilleşdirilen saparynyň ähmiýetini nygtap, öňdäki boljak pikir alyşmalaryň hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi boljakdygyna ynam bildirdi we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň aýratyn ornuny belledi.

2022