Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 24 million 304 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de “Türkmengaz” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.
Daşary ýurt puluna Russiýanyň işewür toparlarynyň wekillerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, polipropilen plýonkasynyň granulýatyny we aglomeratyny, gyzdyrylan nebit koksuny, “Türkmenaglomerat” kondisiýasyz polipropileni, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 45 million 547 müň manatdan gowrak boldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy.